Arkadagly döwrümizde bagtyýar ýaşlar

2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýyl Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň alamatyna öwrüldi. Bu bolsa döwlet syýasatynyň özboluşly ugry hökmünde ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini giňden açmagy, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini nazarda tutýar. Ýaşlaryň döwlet derejesinde jemgyýetçilik wezipeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, bu nesliň wekilleriniň ýurduň ösüş-özgertmelerini döwrebap derejede mynasyp dowam etdirmekleri üçin zerur şertleri ýola goýmak maksatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda möhüm işleriň hatarynda kesgitlenilýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilýän şertleriň netijesinde zehinli ýaşlaryň nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bilen geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň teklipleri, pikirleri, isleg-arzuwlary esasynda taýýarlanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda degişli edaralarda ýörite bölümleriň döredilmegi bilen, ýaşlar syýasatynyň guramaçylyk esaslary kesgitlenildi. Şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatyna öwrülendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron dolanyşygy, programma üpjünçiligi, elektron bilim maglumaty gaznasy döredildi. Döwletimiz ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzy, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny, tebigat ylymlaryny, jemgyýeti öwreniş ylmyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny öwrenmek işine çekmäge ýardam edip, giň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirip, bilim ulgamyna maýa goýumlaryny gönükdirýär. Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň binýady hökmünde bilim ulgamyny ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaýyn işler depginli dowam etdirilýär. Kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarymyza laýyklykda durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, orta mekdepler, çagalar baglary yzygiderli gurulýar. Ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilik ukyply, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze ýokary okuw mekdepleri döredilýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek üçin amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusgalyk görelde edinen ruhubelent ýaşlar bu gün ähli pudaklarda zähmet çekmek bilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.

Mähri WEPAÝEWA,

                                                                           Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby.