Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemgyýetçilik guramalary we Büzmeýin etrap häkimligi bilelikde ak sakgal ýaşulylaryň, ak saçly eneleriň, şeýle hem halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda gojaman Köpetdagy etekläp oturan Gökdere jülgesinde Milli bahar baýramçylygy we halkara Nowruz güni mynasybetli “ARKADAG SERDARLY DIÝARA HOŞ GELDIŇ BAHAR-ÝAZYM” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda milliligimize we türkmen däp-dessurlaryna goýulýan belent sarpadan ruhlanyp, ýaz paslynyň bu ajaýyp gününde Milli bahar baýramçylygy we halkara Nowruz güni barada halypa mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň eden çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Talyp ýaşlaryň aýdan aýdymlary, ýerine ýetiren tanslary bu çäräniň täsirini hasda artdyrdy. Bu ajaýyplyklary dowam etmekligi maksat edinip bize ata-babalarymyzdan miras galan milliliklerimize we türkmen däp-dessurlaryna belent sarpa goýýan we ony dünýä tanatmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyzy, ähli türkmen halkymyzy Milli bahar baýramçylygy we halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janynyň sag, başlarynyň belent, ähli il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip baýramçylyk çäresini jemlediler.
G. Abaýewa
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň ilkinji Zenanlar
guramasynyň başlygy