Paýtagt bilen ilkinji tanyşlyk, ol baradaky ilkinji duýgy-düşünjeler köplenç halatda onuň howa menzilinden başlanýar. Aşgabat Halkara howa menzili gözel paýtagtymyzy dünýä tanadýan täsin desgadyr. Ol döwrebap tehniki enjamlar bilen doly abzallaşdyrylan. 2016-njy ýylyň sentýabrynda işläp başlan bu howa menzili 2017-nji ýylda özüniň gurluşyk-binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol täze ýolagçy we ýük terminallaryndan, merkezleşdirilen ýangyç guýujy stansiýaly toplumdan, ýangyn söndüriji gulluklardan, uçarlara tehniki taýdan hyzmat edýän serişdelerden, howa hereketini dolandyryş diňinden we uzynlygy 3800 metre barabar iki sany uçuş-gonuş zolagyndan ybaratdyr. Türkmenistan sebitleýin we sebitara aragatnaşyk ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, öz üstünden gatnawlary geçirmegiň baý mümkinçiliklerine eýedir hem-de bu mümkinçiligi ýokary derejede amala aşyrmaga çalyşýar.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde uçarlaryň tehniki gonuşlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn mümkinçilikleriň döredilendigini nygtamalydyrys. Muňa howa menziliniň geografik taýdan örän amatly ýerleşmegi, ýangyç guýmagyň bahalarynyň arzanlygy we sebit boýunça ýerüsti hyzmatlaryň amala aşyrylyşy doly mümkinçilik berýär.Ýük terminalynyň teklip edýän hyzmatlary dünýä standartlaryna laýyk gelýär we ýerüsti hyzmatlaryň ähli görnüşlerini üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, ýük terminaly logistiki amallary ýerine ýetirmäge we peýdaly ýük daşalyşyny, işewürlik logistikasyny amala aşyrmaga, ýagny zerur harytlary elýeterli bahalardan gerekli ýerine öz wagtynda eltmäge niýetlenendir. Aşgabadyň Halkara howa menzili bir ýylda ýükleriň ähli görnüşleriniň 200 müň tonnasyny daşamaga we saklamaga mümkinçilik berýär. Ýük terminaly gije-gündiziň dowamynda işleýär. Ýükleriň ähli görnüşlerini ugratmak we kabul etmek boýunça hyzmatlaryň tutuş toplumyny teklip edýär. Müşderilere amatly bolar ýaly, Halkara howa menziliniň ýük terminalynda daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ýük daşamak işini ýerine ýetirmek boýunça edara-wekilhanalary ýerleşýär. Bu ýerde Aşgabadyň üstünden Diýarymyzyň hem-de beýleki ýurtlaryň howa menzillerine geçip gidýän ýükleriň gümrüknamalary resmileşdirilýär we beýleki howa menzillerine ugradylýar. Terminal häzirki zaman tehniki enjamlar — ýük konteýnerlerini düşürijiler, ýükleýjiler we palletler, konteýner teležkalaryny çekijiler, öz-özi hereketlenýän lentaly konweýerler, elektrik ýük daşaýjylar, tekjeler, tereziler bilen üpjündir.
Türkmenistanyň pajarlap ösmegi, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Çeşme: Türkmenistan gazeti | (metbugat.gov.tm)
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW, institutymyzyň mugallymy