“Sagdyn maşgala-sagdyn nesil”

934 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda “Sagdyn maşgala-sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi ýokary guramaçylykly geçirildi.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilýändigine aýratyn üns berilýär. Ulgamyň ösüşinde gazanylan uly öňegidişikler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir.
Maşgala - bu jemgyýetiň esasy söýesidir. Ol nesil daragtyň gülläp, dowamat - dowam bolmagydyr. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan hormat-sarpa uludyr. Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden bäri tämiz maşgala däpleri saklanyp gelýär. Türkmen maşgalasynda ata - maşgalanyň galasy, ene – ojagyň sütüni hasaplanýar. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat yokdur. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny milli däplerimize we umadamzat ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek, olaryň arasynda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işleri alnyp barylýar.
“Sagdyn maşgala-sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşiginde hem ýaryş gyzgalaşly we çekeleşikli geçip, ýaryşyň dowamynda maşgalanyň arasyndaky agzybirlik we jebislik duýuldy.
Bäsleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.

B.Kulyýewa Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20