“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany”

301 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi agzybir we merdana halkymyza, ýurdumyzyň bilim işgärlerine egsilmez buýsanç paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. 2026-njy ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine däl, eýsem, häzirki döwrüň hakykaty hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, ylymly, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, edep-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijjilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, tebigy zehinini açmak, olary ylmy-barlaglary geçirmäge höweslendirmek hem-de hünärlere gönükdirmek babatda alnyp barylmaly işlerde bilim işgärlerine örän möhüm wezipeler degişli bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýaşgy umyt-arzuwlar bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basdy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisligini pugtalandyrylmagy esasy wezipämiz, belent wezipämiz , belent hem mukaddes borjumyz hasaplaýarys.
B.Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20