“HORIZON EUROPE” MAKSATNAMASY BOÝUNÇA MAGLUMAT WE ARAGATNAŞYK SESSIÝASY GEÇIRILDI
1457 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň” mekany ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlag we innowasiýa (R&I) maliýeleşdirmek maksatnamasy bolan Horizon Europe (HE) programmasynyň we Bilim Ministrliginiň gurnamagynda maglumat we aragatnaşyk sessiýasy geçirildi. Duşuşygyň hormatly myhmanlary Ýewropa Komissiýasynyň «Global Service Facility» (GSF) edarasynyň wekili Kseniýa Sawçenko we Türkmenistan we MA boýunça wekili Borislaw Dimitrow boldy. Sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylara maksatnamanyň gurluşy, onuň ugurlary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täzeçillik bilen meşgullanýan hünärmenleri bilen işleşmegiň aýratynlyklary barada we «Horizon Europe» maksatnamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalaryna aýratyn üns berildi.Institutyň Ylym bölümi