INSTITUTYMYZYŇ HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADALARDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
241 Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga, bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan işler Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür” diýip bellemegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň kämil nesillerdigini nygtaýar.2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin meýilleşdirilen halkara matematika olimpiadalarda talyp ýaşlar ata-Watanymyzyň abraýyny uly üstünliklere ýetirip gelýär. Şol olimpiadalarda ýurdumyzyň zehinli talyp ýaşlarynyň hatarynda institutymyzyň talyplary Ýalkapberdi Baýlyýew we Şöhrat Baýramow gatnaşyp, institutymyzyň bilim ulgamyna goşýan goşandyny artdyrýarlar. Dowam edýan okuw ýylymyzyň noýabr aýynyň 26-30 aralygynda РУДН (Российский университет дружбы народов имени Патриса Лумумбы) ýokary okuw mekdebiniň gurnamagynda RUDN MATH OLYMP 2025 halkara matematika olimpiadasynda Ýalkapberdi Baýlyýew onlaýn gatnaşyp 3-nji orna mynasyp boldy.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 26-28-i aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda şahsy we toparlaýyn tapgyrda “Bukhara International Mathematics Olympiad-2026 (BIMO-2026)” atly halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Şahsy tapgyrda institutymyzyň talyby Şöhrat Baýramow kümüş medala, Ýalkapberdi Baýlyýew bürünç medala mynasyp boldular.
Şeýle hem, olimpiadanyň toparlaýyn tapgyrynda institutymyzyň we Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary bilen bilelikde düzülen topar üçünji orna we kuboga mynasyp boldular.
Bu halkara olimpiadada ýurdymyzyň beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýaşlary hem baýrakly orunlara, medallara mynasyp boldular. Ata-Watanymyzy dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegindee goşantlaryny goşýan zehinli talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.
Bazargeldi SAPARGELDIÝEW,
Annaberdi BERDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary