Bereketli türkmen saçagy
18 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy.Hormatly Prezidentimiziň nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan, milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Bereketli türkmen saçagy” atly gürrüňdeşlikli, döredijilikli teleýazgy edildi. Bu gepleşik ýokary guramaçylykly geçirilip, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlarymyzyň esasynda hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, talyp gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tagamlary we içdäaçarlary taýýarlanyldy. Mundan başga-da ajaýyp döwrümizi wasp edýän joşgunly çykyşlary, talyp gyzlaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp goşgy setirleri, dutar astyndaky aýdymlar çäräniň mazmunyny has-hem artdyrdy.
Bu baýramçylyk ýazgysynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy B.Kulyýewa