STEM usulyýeti boýunça II bäsleşik

29
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda: “Häzir biz täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän, emeli aňyň ähli ýerde ornaşdyrylýan şertlerinde ýaşaýarys. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär. Biziň maksadymyz­—Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr” diýen çuň manyly sözlerinden ugur alyp döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek maksady bilen bilim işgärleri tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar.Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2026-njy ýyl üçin Ýol kartasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň inžener ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça II bäsleşik geçirildi.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça geçirilen bäsleşik, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
 




 

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20