“Durnukly ulag-durnukly ösüş”

8

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň
mekany” ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy halkara ulag-logistika merkezine öwürmek
ugrundaky beýik işlerini öňe sürýän sebit we global ähmiýetli başlangyçlaryny
giňden wagz etmek şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda
zehinli ýaşlary ýüze çykarmak masady bilen, biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ulag-durnukly ösüş” atly
Breýn-ring bäsleşigi geçirildi.



         Bäsleşigiň esasy
maksady Türkmenistan diýarymyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça amala
aşyrylýan döwlet syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezmek, hem-de ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze
çykarmakdan ybaratdyr.



         Ýokary okuw
mekdepleriniň arasynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmek
hem-de talyp ýaşlaryň ulag, logistika, multimodal daşamalar we üpjünçilik
zynjyryny dolandyrmak baradaky nazary hem-de amaly bilimlerini kämilleşdirmek
bolup durýar.



Bäsleşik jemi 36 soragdan ybarat bolup,
ýörite bäsleşik programmasy arkaly elektron görnüşinde amala aşyryldy.



         Bäsleşigiň guramaçylyk
işlerini hem-de oňa gözegçiligi ýörite döredilen guramaçylyk topary üpjün edýär,
bäsleşigiň jemlerini jemlemäge bolsa emin agzalary gatnaşýar.



         Bäsleşikde
taýýarlanan soraglar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
halkara ulag diplomasiýasy, multimodal koridorlar we logistika ulgamyndaky
başlangyçlary şeýle hem dünýä logistikasynyň taryhy hem-de döwrebap şertleri
esasynda taýýarlandy.



         Bäsleşikde
ýeňiji bolan toparlar, ýagny I, II we III ýerlere mynasyp bolan toparlar
ýadygärlik sowgatlary we institutymyzyň degişli diplomlary bilen sylaglandylar.



         Pursatdan
peýdalanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ýaly işlerimizde uly tagallalary edýän
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn.



 “Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň
mugallymy                   G. Daňatarowa



          

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20