TÄSIRLI GEÇIRILEN OKUW TEJRIBELIKLERI

1

Bilim ojagymyz
bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynda
döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda,
talyplary okuw, ylmy-barlag işlerine we önümçilik bilen bagly barlag işlere
köpçülikleýin çekmekde, olarda ylmy-barlaglara gyzyklanma döretmekde, alnyp
barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar uly
göwrümli işleri alyp barýarlar.



Ýokary
okuw mekdebinde maddy-tehniki binýady dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen
üpjün edilen, okuw tejribelikleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen
enjamlaşdyrylan tejribehanalarda işleri talaba laýyk alyp barmak babatynda hem
giň göwrümli işler alnyp barylýar.



Ýakynda, ýokary
okuw mekdebiniň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary
fakultetiniň “Fizika” we Mehanika-tehnologik fakultetiniň “Umumy himiýa”
tejribehanalarynda
degişli kafedralaryň mugallymlary tarapyndan
döwrebap tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, gerekli maglumatlary tapmak,
saýlamak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti talyplarda terbiýelemek
maksady bilen okuw tejribelik sapaklary geçirildi.



Geljekde
senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek
ökde hünärmenleri taýýarlamakda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna
laýyklykda guralýan bu döwrebap okuw tejribeliklerinde bilim bermegiň täze
usullary we maglumat tehnologiýalary giňen ulanylýar. Şunuň ýaly döwrebap
okuwlar talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem-de
talyplaryň halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine
üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemeklerine uly mümkinçilikleri
döredýär.



Gülşirin
Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.



 

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20