KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

2

Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz,
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni beýik ösüşlere we şanly
wakalara beslenýär.



«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynyň 2-nji noýabrynda  Arkadagly
Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýat häkimleri bilen bilelikde sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi we  häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynda
alnyp barylýan möwsümleýin işler barasynda hem-de Ahlihalk bag ekilişine
taýýarlyk görmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.



Şu wezipelerden
ugur alnyp, häzirki döwürde ýaş nesle döwrebap ekologik bilim we terbiýe
bermekde, olarda kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde
ýokary okuw mekdebinde ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän bag ekmek we
olara ideg etmek işlere aýratyn  orun berilýär. Daşky gurşawy
goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek
nesiller üçin miras goýmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.



Ýakynda Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda
professor-mugallymlaryň
hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň ekologiýa
şertlerini gowulandyrmak babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerini wagyz etmek boýunça teleýazgy
gurnaldy. Bu bolsa  talyplaryň ekologik bilimini artdyrmaga, olaryň
ekologiýa babatda medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ata-babalarymyz
tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini
gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge
mümkinçilik berdi.



Teleýazgyda
ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ekologiýa
syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny
bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.



Gülşirin
Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.



 

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20