Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasy
6265 Ulaglar fakultetiniň “Awtomobil ulagynyň ulanylyşy “ kafedrasynda “Awtomobiller we awtomobil hojalygy” we “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalarynda talyplar göçme okuw-önümçilik tejribeliginde boldylar.
Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ulag we kommunikasiýa pudagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Jemgyýetiň awtomobilleşmegi – onuň ösüş derejsini häsiýetlendirýän möhüm şertleriň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetinde “Awtomobiller we awtomobil hojalygy ” we “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünärleri boýunça okaýan talyplaryň göçme okuw önümçilik tejribeliklerini “Awtoulag kärhanalary birleşigi” we “Awtomobil mekdepleriň birleşigi” hem-de “Halkara awtomenzilde” geçdiler. Bu kärhanalarda talyp ýaşlar öz hünärleri boýunça önümçilikde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçiligiň sanlaşdyrylmagy, täze innowasion häsiýetli iş orunlaryň döredilişi, wagtyň we maddy resurslaryň tygşytly hem-de netijeli ulanylyşy ýaly oňyn özgerişlikler.
Ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan “Awtomobil mekdepleriň birleşiginde”, ”Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde” hem-de “Halkara awtomenzilde” bolup, iş ýüzünde görüp, tanyşmaklary talyp ýaşlarymyzda öz saýlap alan hünärlerine bolan höwesini has-da artdyrdy.
Ulaglar fakultetiniň “Awtomobil ulagynyň ulanylyşy “ kafedrasynda ylymy işler hem yzygiderli alnyp barylýar . Kafedrada iki sany tehniki ylymlaryň kondidatlygyna dalaşgär bar. Mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan Daşary ýurt žurnallara yzygiderli makalalar çykarylýar. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan № 984 oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy.