MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ ŞAMÇYRAGYDYR

525 2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly pyragynyň döredijiligi medeniýetimiziň we sungatymyzyň şamçyragydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik — amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak ýaly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi.
Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, şeýle hem kinokonsert we sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Olaryň hatarynda “Türkmeniň ak öýi” ýaly täsin binalar bar. Aşgabatda hem-de welaýatlaryň şäherlerinde we hatda iň alysdaky ilatly ýerlerde döwrebap medeniýet öýleri we medeni-dynç alyş merkezleri guruldy.Döredijilik bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Ýaş höwesjeň ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, aýdymçylaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi, körpe zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigi hem-de “Iň eýjejik gyzjagaz” çagalar döredijilik gözden geçirilişi we beýlekiler ýaş aýdymçylara sungat dünýäsine ýol açýan hakyky mekdep bolup durýar. Ýurdumyzda şeýle hem şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň, žurnalistleriň, režissýorlaryň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň aýdym-saz däplerini aýawly saklamaga we ösdürmäge, gadymy saz gurallarynyň köp görnüşlerini dikeltmäge, geçirilýän bäsleşikleriň mowzugyny giňeltmäge we döredijilik bäsleşiklerini guramaga, olara ýaşlaryň köp sanlysyny çekmäge, zehinleri ýüze çykarmaga hem-de halypaçylyk däplerini pugtalandyrmaga ýardam edýär. Medeniýet hepdeligi hem ýaş zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Her ýylky forum, däp bolşy ýaly, iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Her ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde opera sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişiniň bolýandygyny bellemelidiris. Opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi täze döwrüň medeniýet ulgamynyň gazanan möhüm ähmiýetli üstünlikleriniň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, zehinleri ýüze çykarmak hem-de sungat ussatlaryny kämilleşdirmek, olary halkara jemgyýetçilik bilen giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtly medeniýet işgärleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler has-da işjeňleşdirilýär diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni kuwwaty köp ulgamlarda, şol sanda ylymda we bilimde, syýahatçylykda, sebitara hem-de halkara gatnaşyklarda netijeli ulanylýar. Sungat mowzugynyň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek wajypdyr. Şol eserler diňe bir Türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, olaryň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýan adamlar üçin hem halkymyzyň baý we köptaraply medeniýetiniň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga ýolgörkeziji bolup hyzmat etdi.
Medeniýet ulgamyndaky dialog häzirki döwletara gatnaşyklaryň özboluşly sazlaşygydyr. Türkmenistanyň täsirli garaýşynyň, umumy medeniýetlerde möhüm ornunyň, dünýäniň halklarynyň köpöwüşginli maşgalasynda gaýtalanmajak keşbiniň bolmagy köp babatda ruhy köklere wepalylyk, ruhy mirasyň, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy bilen döredilen köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlarynyň aýawly saklanylmagy bilen şertlendirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere goşmaça itergi bermäge ýardam eder.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Sylap ATAMYRADOW

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20