“EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYŇ-ÝAŞAÝŞYŇ ZERURLYGY” atly onlaýn ylmy-amaly maslahat

9419 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolabşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi bu ugur Arkadagly Sedarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli meseleler hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilip, dünýäniň 150 gowrak ýurdunda bellenilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörite karary bilen 2008-nji ýyldan başlap, her ýylyň iýun aýynyň 5-i Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň ýurdumyzda milli baýram diýlip yglan edildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe konwensiýalaryna we halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi, Çölleşmäge garşy göreş, Biologik dürlülik baradaky we beýleki halkara konwensiýalarynyň hem-de ylalaşyklarynyň çäklerinde derwaýys ekologiýa meselelerini çözmek babatda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurtda atmosfera düşýän parnik gazlarynyň hasabaty ýöredilýär.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda, ýagny 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Ekologiýa abadançylygyň-ýaşaýşyň zerurlygy” atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Institutyň Ylym bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20