WATANSÖÝÜJILIGIŇ AJAÝYP NUSGASY
366 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “MERT, GAÝDUWSYZ, EDERMEN GERÇEKLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYKLARY ÝAŞ NESILLER ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBIDIR” ady bilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç gurnaldy. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki-gün Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara goýulýan hormat-sarpa barada, şeýle hem häzirki döwürde Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň sebitiň durnukly ösüşine täsiri hakynda gezelenjiň dowamynda aýdyň beýan edildi.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watan üçin şirin janyny orta goýan mert, gaýduwsyz, edermen ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy bilen gazanylan Beýik Ýeňşe 80 ýyl dolýar. Şol ýyllarda gahrymanlarymyz, şeýle hem mährem enelerimiz mertligiň, merdanalygyň, wepadarlygyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de milli gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda orun alandyr.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalanýar, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirilýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “MERT, GAÝDUWSYZ, EDERMEN GERÇEKLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYKLARY ÝAŞ NESILLER ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBIDIR” ady bilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gurnalan gezelenç, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.